Daýhan baýasa, ýurt baýar

12 Fewral 2024
741

9-njy fewralda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň dowamynda gazanylan üstünlikler, ýetilen belent sepgitler baradaky maglumatlary diňläp, buýsançly başymyz gök diredi. Çünki olaryň ählisi halkymyzyň bagtyýar, bolelin ýaşaýşy bilen baglanyşykly. Ýöne esasy ünsümizi çeken zat rysgal-döwletimiziň binýady däneçilik we pagtaçylyk pudaklary bilen bagly gürrüňlerdir kabul edilen taryhy çözgütler boldy.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz öň hem pagtanyň we bugdaýyň döwlet satyn alyş nyrhyna garaljakdygyny aýdypdy. Bu habara tüýs ýürekden begenipdik. Bu habar täze ýylyň hasylynyň düýbüni tutmaga girişen daýhanlaryň süňňüni ýeňledip, biline-bilegine kuwwat beripdi. Ýöne nyrhlar beýle derejede ýokarlanar öýdüp hyýalam etmändim. Kärdeşlerimiz bilen telefonda birek-biregi gutlaşsagam, ýüzbe-ýüz bolsagam, şeýle begençli gürrüňleri eşidýäris. Beýik Biribar Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ömürlerine bereket, işlerine rowaçlyk bersin!

Nazargeldi AKYLYÝEW,
Murgap etrabyndan kärendeçi.
Beýleki habarlar