Sagdyn ýaşaýşyň çeşmesi

9 Fewral 2024
484

Daş-töweregimizi gurşap alýan howanyň arassa bolmagy hem-de ekologiýa abadançylygyny gorap saklamak maksady bilen, ýurdumyzda toplumlaýyn çäreler görülýär. Howanyň arassalygyny goramak babatda geçirilýän çäreler, tebigy şertleriň gowulanmagyna, ynsan saglygynyň has-da berkemegine getirýär.

Dünýä belli alym, zehinli lukman Abu Aly ibn Sina: «Adam saglygy daşky gurşaw bilen baglydyr» diýip belläpdir. Onuň pikiriçe, saglygy saklamak üçin oňa täsir edýän ýagdaýlaryň ýedisiniň sazlaşygyna aýratyn üns berilmelidir. Bedeniň (ýasawyň) sazlaşygy, iýmit saýlamak meselesi, göwräni artykmaç zatlardan arassalamak, beden gurluşyny kadaly saklamak, burundan alynýan demi gowulandyrmak, ynjalykly geýinmek, bedeniň we kalbyň hereketini sazlaşdyrmak (uky bilen oýalyk) onuň esasyny düzýär. Ibn Sina bu ýerde saglyga we kesele, olary döredýän sebäplere we ýardam edýän şertleriň özara baglylygyna aýratyn üns beripdir. Adam saglygyny berkitmek, keselleriň öňüni almak üçin kadaly iýmit, uky we beden maşklary möhüm bolup durýar. Ynsan saglygy ýaşaýyş şertine, tebigatyň ýagdaýyna, howanyň, suwuň, iýmitiň, gök önümleriň, ösümlikleriň arassalygyna baglydyr. Zähmet, sagdyn we kadaly iýmit, iş bilen dynç alyş sazlaşdyrylsa, tolgunmalar, ýadawlyk tiz aýrylýar, kadaly durmuş emele gelýär. Nirede tebigat bilen sazlaşyklykda ýaşalsa, şol ýerde adamlar rysgal eýesi, bereket bulagyndan paýly bolýarlar. Biz ruhy, maddy we medeni baýlyklarymyz barada hem şol ýörelgä pugta eýermelidiris. Hormatly Arkadagymyzyň adam saglygy bilen tebigatyň sazlaşygy barada: «Biziň ýurdumyzda adamyň saglygyny goramak tebigy gurşawyň abat saklanmagyna we onuň abadanlaşdyrylmagyna gönükdirilen çäreler bilen hem berk baglanyşyklydyr. Sebäbi adam arassa, tämiz howa, tebigy gözellige ýaramly hem ýokumly, ekologiýa taýdan arassa iýmite, dürli witaminlere mätäçdir» diýip belleýär. Türkmen topragynyň çogly güneşiniň we tenekär howasynyň täsiri bilen kemala gelýän ösümliklerimiziň düzüminde ýaşaýyş üçin wajyp biologik işjeň maddalar köp mukdarda saklanýar.

Arzuw JUMAGULYÝEWA,
Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy.
Beýleki habarlar