Yhlasly zähmet — bol hasylyň kepili

9 Fewral 2024
770

Daýhançylyk bilen bagry badaşan adam islendik ýaşda-da elinden iş guralyny goýmaýar. Olaryň aýtmaklaryna görä, dynç alyp oturanyňdakydan işläp ýören mahalyň alýan lezzetiň has üýtgeşik bolýar. Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň «Ak üzüm» daýhan hojalygynyň ýolbaşçysy Ýusup Bäşimow hem şeýle adamlaryň biri. Ol ýaşynyň segsene ser urandygyna garamazdan, häzir hem pilini elinden düşürmeýär. Şu günler bolsa Ýusup aga gyş möwsüminiň aladalary bilen gümra.

— Daýhan hojalygynda 11 gektar üzüm meýdany bolup, olarda hatararalaryny sürmek işleri alnyp barylýar. Bu bolsa agajyň köküniň oňat dem almagy, haşal otlardan arassalanmagy, hasylyň bol bolmagy üçin möhümdir. Bu işi kuwwatly tehnikalaryň kömegi bilen bökdençsiz amala aşyryp bolýar. Mundan başga-da, üzümleri gyrkmak işlerini hem talabalaýyk ýerine ýetirmeli. Özem bu iş ýerine ýetirilende, çybyklar çem gelen ýerinden gyrkylmaýar, bagbançylygyň öz usullary bilen hereket etmeli.

Baýnazar BAÝHANOW.
«Türkmenistan».
Beýleki habarlar