Jahanşa — adyl hökümdar

9 Fewral 2024
1428

Jahanşa Garagoýunlylar türkmen döwletini esaslandyran Gara Ýusubyň üçünji ogly bolup, 1397-nji ýylda Hoý şäheriniň golaýyndaky kiçiräk obada dogulýar. Jahanşanyň kemala gelmegi onuň atasynyň Teýmirilere we Jelairilere garşy söweş alyp baran döwrüne gabat gelýär. Şol söweşleriň netijesinde, 1410-njy ýylda kuwwatly Garagoýunlylar döwleti döreýär. Ol häzirki Azerbaýjanyň, Ermenistanyň ýerlerini, Gündogar Gruziýany, Yragy we başga-da ençeme ýerleri öz düzümine birleşdirýär.

Jahanşa eýýäm ýetginjek döwründen mydama kakasynyň ýanynda bolup, uruş alyp barmagyň tärlerini we döwleti dolandyrmagyň inçe syrlaryny öwrenipdir. Jahanşa ençeme harby ýörişlere gatnaşandygyna garamazdan, gowy bilim almaga-da wagt tapypdyr, öz döwrüniň iň ylymly-bilimli adamlarynyň biri bolup ýetişipdir. Mundan başga-da, ol uruş alyp barmagyň we diplomatik «göçümleri etmegiň» ussady bolupdyr. Üstesine-de, tebigat oňa inçe çeperçilik duýgurlygyny-da bagyş edipdir. Jahanşanyň bu ajaýyp zehini Garagoýunlylar döwletiniň başyna geçende äşgär derejede ýüze çykypdyr.

Juma ORAZGYLYJOW,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň esasy ylmy işgäri, taryh ylymlarynyň kandidaty.
Beýleki habarlar