Azyk bolçulygyna mynasyp goşant

7 Fewral 2024
514

Şabat etrabynyň S.Rozmetow adyndaky oba hojalyk paýdarlar jemgyýetinde hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda maldarçylygy çalt depginler bilen ösdürmek, bu babatda amala aşyrylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak barada öňde goýýan wezipelerinden ugur almak bilen derwaýys çäreler amala aşyrylýar. Şonuň netijesinde bu ýerde mallaryň baş sanyny artdyrmak, ýylyň dowamynda olardan bol önüm öndürmek boýunça guwandyryjy üstünlikler gazanylýar. Munuň özi hojalygyň kärendeçi maldarlarynyň yzygiderli hem-de ýadawsyz çekýän zähmetleriniň ýerine düşýändigini alamatlandyrýar.

Paýdarlar jemgyýetinde 650-ä golaý iri şahly mal bolup, olaryň esasy bölegi ýokary önümli sygyrlardyr we tohum öküzlerdir. Şonuň ýaly-da bu ýerde ýaş göleleri öndürmek we idetmek barada berjaý edilýän işler hem talaby doly ödeýär. Şeýlelikde ol mallaryň baş sanyny artdyrmakda möhüm ähmiýete eýe bolýar.

Ýörite habarçymyz.
Beýleki habarlar