Tehnikalar ekişe taýýar

7 Fewral 2024
558

Şu günler welaýatymyzyň ekin meýdanlarynda gowaça ekişine hemmetaraplaýyn taýýarlyk görülýär. Bu möhüm işde ulanyljak tehnikalaryň guratlygy doly gözden geçirilýär. Welaýat oba hojalyk önümçilik birleşiginiň hünärmenleri daýhan birleşikleriniň inženerlerine, mehaniklerine we mehanizatorlaryna bu ugurdan ýakyndan ýardam berýärler.

Welaýat oba hojalyk önümçilik birleşiginden alnan maglumatlara görä, bu çäreleri ýokary hilli geçirmek üçin gerekli gurallaryň hemmesi: geriş çekijiler, boronalar, çizeller, ýer tekizleýjiler abatlanylyp, taýýarlyk hatarynda goýlupdyr. Bu işe etraplaryň tehniki hyzmat ediş kärhanalarynyň, hojalyklaryň merkezleşdirilen ussahanalarynyň hünärmenleri hem saldamly goşant goşupdyrlar. Netijede, dişli boronalaryň we malalaryň 7 müň 200-den gowragy, azallaryň 510-a ýakyny işe taýýar edilipdir. Çizeller, motygalar, çuň ýumşadyjylar we beýleki gurallar hem doly abatlanylypdyr. Bu bolsa gowaça ekişiniň wagtynda we agrotehnikanyň kadalaryna laýyk geçiriljekdigine ynam döredýär.

Döwlet JUMADURDYÝEW.
Beýleki habarlar