ÄNEW AK BUGDAÝYŇ WATANYDYR

6 Fewral 2024
1447

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda halkymyzyň baý mirasyny, milli ahlak gymmatlyklaryny düýpli öwrenmäge uly üns berilýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilip, ýurdumyzda edebi mirasymyzy öwrenmäge, ýaş nesli milli terbiýäniň ýörelgeleri esasynda kemala getirmäge giň ýol açylýar.

Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) 2024-nji ýyly türki dünýäde «Beýik akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň ýyly» hem-de gadymy türkmen şäheri bolan Änewi 2024-nji ýylda «Türki dünýäniň medeni paýtagty» diýip yglan etmek hakyndaky Türkmenistanyň teklibini goldamagy halkymyzyň taryhyna goýulýan belent sarpadan nyşan. Munuň özi taryhy we kökleri bir bolan goňşy döwletleriň hem-de doganlyk halklaryň agzybirligini, jebisligini berkitmekde berkarar ýurdumyzyň has ynamdar hyzmatdaşlygy gazanmakdaky ykrarnamasydyr. Bu çözgüt gadymy türkmen halkynyň ruhy-edebi gymmatlyklarynyň halkara derejede wagyz edilmeginde uly ähmiýete eýedir. Türkmeniň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň eserleri umumadamzat medeniýetiniň genji-hazynasydyr. Onuň halkymyzyň ahlak kadalaryna öwrülen pähim-parasatly jümleleri halk arasynda nakyllara öwrülip, giňden ornaşypdyr. Şeýle parasatly danany döreden türkmen topragy geçmişde uly-uly şäherleri guran, gerçek pederlerimizden bize miras galan taryhy ýadygärliklere hem baýdyr. Şeýle taryhy ýadygärlikleriň biri-de Änew şäheridir.

Şemşat SAPARLYÝEWA,
Hydyr Derýaýew adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy.
Beýleki habarlar