Guradylan miweleriň peýdasy

6 Fewral 2024
618

Sagdyn bolmak üçin zerur bolan witamindir minerallar, peýdaly serişdeler iýmit önümleriniň üsti bilen üpjün bolýar. Miwedir gök-bakja önümleri witaminlere hem-de mineral maddalara baý bolansoň, olary gündelik iýmit sanawyna goşmak hökmandyr. Diýarymyzyň ak bazarlarynda, dükandyr söwda merkezlerinde ýylyň islendik paslynda-da dürli miwe hem-de gök-bakja önümleri halka hödürlenýär. Häzirki möwsümde, esasan-da, С witaminine baý bolan kiwi, limon, pyrtykal, mandarin, banan, nar, kelem, brokkoli, turp, noýba ýaly önümleri iýmek has peýdalydyr. Çünki С witamininiň dümewlemäniň öňüni almakda hem-de bedeniň kesellere garşy göreşijilik ukybyny artdyrmakda täsiri uludyr.

Miweleriň düzümindäki witaminler diňe ter görnüşinde däl, eýsem, guradylan görnüşinde-de öz peýdaly ähmiýetini ýitirmeýär. Guradylan islendik miwe edil ter miweler ýaly witaminler toplumyny, mineral maddalary, fitonsidleri, pektinleri öz düzüminde saklap galýar. Olary hatda awitaminoz nähoşlugynda (witamin ýetmezçiliginde) iýmek örän peýdalydyr. Guradylan miwelerdäki kalsiý saçyň, dyrnagyň kadaly ösmegine, süňkleriň saglygyna ähmiýetlidir. Magniý hem-de kaliý bolsa ýürek-damar we nerw ulgamynyň sazlaşykly işlemegi üçin, demir bolsa ganazlykda örän peýdalydyr.

Dünýä GALAÝEWA,
Babadaýhan etrap hassahanasynyň lukmany.
Beýleki habarlar