Gadymy medeniýetiň ojagy

6 Fewral 2024
1466

Halkymyzyň örän baý we köptaraply taryhy-medeni mirasy bar. Ata-babalarymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda döreden medeni gymmatlyklary diňe bir sebitiň däl, eýsem, tutuş adamzat siwilizasiýasynyň ösüşine uly goşant boldy. Olaryň uzak asyrlaryň dowamynda döreden taryhy gymmatlyklary dürli ýadygärlikler görnüşinde biziň günlerimize gelip ýetipdir.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda müňýyllyklara utgaşyp gidýän milli gymmatlyklary özünde jemleýän taryhy ýadygärliklerimizi düýpli öwrenmek, olary geljekki nesillerimize ýetirmek boýunça döwlet derejesinde uly işler amala aşyrylýar. Munuň aýdyň subutnamasy hökmünde Türki medeniýetiniň halkara guramasy TÜRKSOÝ tarapyndan gadymy Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi hem sözüň doly manysynda taryhy wakadyr.

Rejep JOMMYÝEW,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň gadymy we orta asyrlar taryhy bölüminiň ylmy işgäri.
Beýleki habarlar