Derde derman çöpboýa

5 Fewral 2024
509

Türkmen halk lukmançylygynda peýdalanylýan dermanlyk ösümlikleriniň biri-de çöpboýadyr. Ýurdumyzda onuň dört görnüşi duş gelýär.

Çöpboýa — gadymy dermanlyk serişde. Boýy 50 — 100 santimetre ýetýän porrugy uzyn, ýazylyp ösýän şahalary bogunlarynda ýognaýan, açyk ýaşyl reňkli ýaprakly ösümlik. Onuň kökleri we porruklary dermanlyk çig mal bolup hyzmat edýär. Olary ir baharda (mart) ýa-da güýzde (sentýabr) ýygnamaly. Açyk howada guratmaly. Taýýar bolan çig maly mata ýa-da kagyz haltalara gaplamaly. Gury hem salkyn ýerde saklamaly. Ösümligiň dermanlyk häsiýetleri irki wagtlardan bäri bellidir. Ol baradaky ilkinji maglumatlar Abu Aly ibn Sinanyň, Abu Reýhan Biruniniň işlerinde duş gelýär. Abu Aly ibn Sina özüniň «Lukmançylyk ylmynyň kanunlary» atly eserinde çöpboýany demrewi, deriniň ýüzündäki dürli menekleri aýyryjy hökmünde maslahat berýär. Abu Reýhan Biruni: «Çöpboýa arassalaýjy serişde bolmak bilen, bagryň hem dalagyň dykyn alan ýerlerini açýar» diýip belleýär.

Şirin WELJANOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň iýmit gigiýenasy kafedrasynyň mugallymy.
Beýleki habarlar