Merkezi Aziýa bähbitleri bitewüleşdirýär

5 Fewral 2024
367

“Ýewropanyň paýtagtyndaky” maýadarlar forumy muny nobatdaky gezek tassyklady

Häzirki zaman geosyýasatynda ýüze çykýan düýpli özgerişler, öňünden çaklap bolmaýan, ahyrky netijesi nämälim ýagdaýlar döwletleriň her birinden juda oýlanyşykly hereketleri, deňagramly syýasaty hem bilelikdäki utgaşykly tagallalary talap edýär. Şunda iri geosyýasy güýçleriň käbiri bilen serhetleşip, Ýewropanyň, Aziýanyň, Ýakyn Gündogaryň ýurtlarynyň arasynda möhüm söwda, energetika, ulag ugurlarynyň «altyn halkasy» bolup durýan Merkezi Aziýa ýurtlaryna gyzyklanmalaryň barha artýandygy ýiti duýulýar. Şeýle şertlerde maksatlar dürli-dürli: bu ýerde hyzmatdaşlygam, zerurlygam, bäsdeşligem bolup biler. Ýöne asyrlarboýy hoşniýetli goňşuçylyk, özara hormat goýmak, birek-biregiň bähbitlerini nazara almak ýörelgelerine eýerip gelýän bäş dostlukly döwlet şol maksatlary diňe haýyr işlere gönükdirip, Ýewraziýanyň ýüreginde ýerleşýän sebiti bähbitleriň bitewüleşýän giňişligine öwürmek ugrunda tagalla edýär. Magtymguly Pyragynyň: «Çar tarapa il bolgul» diýen wesýetini, Milli Liderimiziň we hormatly Prezidentimiziň: «Türkmenistan dünýä üçin açykdyr» diýýän sözlerini baýdak edinýän Bitarap döwletimiz hem köpugurly, deňagramly daşary syýasaty ýöredip, Ýer ýüzüniň ähli ýurtlary bilen dostlukly, netijeli gatnaşyklara ygrarlydygyny iş ýüzünde görkezýär.

Aýgül RAHYMOWA.
«Türkmenistan».
Beýleki habarlar