Türkmenistan Ýewropa bilen Merkezi Aziýanyň arasynda durnukly ulag arabaglanyşygy boýunça «Global Gateway» forumyna gatnaşdy

5 Fewral 2024
432

30-njy ýanwarda «Global Gateway» forumynyň çäklerinde «Türkmenistanyň çemeleşmesi: üstaşyr merkeziň mümkinçiliklerini öwrenmek» atly sessiýa geçirilip, ol Ýewropa bilen Aziýanyň arasyndaky ulag geçelgeleriniň çatrygynda ýerleşýän Türkmenistanyň ulag toplumyna maýa goýumlaryny gönükdirmegiň mümkinçiliklerine bagyşlandy.

Häzirki zaman dünýäsinde ulag-logistika pudagy yklymlary, döwletleri we halklary birleşdirmekde möhüm orun tutýar. Şonuň üçin-de biziň günlerimizde dünýä derejesinde bu pudagy ösdürmäge aýratyn üns berilýär. Bilşimiz ýaly, soňky birnäçe ýylda Merkezi Aziýanyň ulag-üstaşyr geçirijilik ukyby dünýäde uly gyzyklanma döredip, bu sebitiň Aziýa bilen Ýewropany birleşdirýän esasy köpri bolmagy üçin düýpli başlangyçlar öňe sürülýär.

Mät­gur­ban Mät­gur­ba­now,
TDIM-iň Hal­ka­ra gatnaşyklary institutynyň halkara žur­na­lis­ti­ka­sy fa­kul­te­ti­niň 3-nji ýyl ta­ly­by, «Biznes reklama».
Beýleki habarlar