Kataryň Söwda-senagat edarasynda geçirilen duşuşyk

4 Fewral 2024
318

2024-nji ýylyň 31-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Katar Döwletindäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi M.Seýitmämmedowyň Katar Döwletiniň Söwda-senagat edarasynyň başlygynyň birinji orunbasary Mohammed bin Ahmed Tawar Al Kuwary bilen duşuşygy boldy. Duşuşygyň dowamynda iki döwletiň söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň ösüşi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hususan-da, taraplar iki ýurduň arasyndaky gowy gatnaşyklaryň we giň mümkinçilikleriň bardygyny hem-de Türkmenistan bilen Kataryň dünýä energiýa bazarynda möhüm orun eýeleýändigini nygtap, iki ýurduň arasynda söwda gatnaşyklarynyň has ösdürilmeginiň zerurdygyny bellediler. Şunuň bilen baglylykda, Türkmen-Katar Işewürler forumynyň nobatdaky mejlisini geçirmek bilen bagly meseläniň üstünde durlup geçildi.

Taýýarlan: Myrat ATABAÝEW,
I.Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebiniň mugallymy.
Beýleki habarlar