Döwrebap çemeleşmeler, halkara ykrarnamalar

3 Fewral 2024
552

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen 2016-njy ýylyň 21-nji iýulynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň dünýä ülňülerine laýyk gelýän, döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylan Morfologiýa merkezi açylyp ulanmaga berildi. Ministrligiň Merkezi kazyýet-lukmançylyk edarasy bu merkeziň düzüminde wajyp hem aýratyn ähmiýetli edara bolup, onuň esasy wezipeleri hukuk goraýjy we beýleki ýöriteleşdirilen edaralardyr guramalaryň işinde ýöriteleşdirilen bilime daýanyp, ylmy taýdan esaslandyryp, ýüze çykýan degişli meseleleriň takyk we dogry çözgüdini tapmakdan ybaratdyr.

Merkezi kazyýet-lukmançylyk edarasy, köp ýyllaryň dowamynda toplan tejribesine laýyklykda, kazyýet-lukmançylyk bilermenlik işini ýokary derejede guramak we amala aşyrmak wezipesini ýerine ýetirýär. Şeýle hem bu düzüm Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň kazyýet-lukmançylyk ylmy-bilermenlik ugry boýunça alypbaryjy edarasy bolmak bilen, degişli seljermeleri geçirmegiň hukuk binýadyny, ylmy-usulyýet üpjünçiligini, kazyýet-lukmançylyk bilermenlerini taýýarlamagy we hünärini ýokarlandyrmagy amala aşyrýar. Geçirilýän seljermäniň aýratynlygyna we çylşyrymlylygyna laýyklykda, bu edaranyň barlaghanalary häzirki zaman tehnikalary bilen üpjün edilendir. Lukman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen ähli barlaghanalaryň işini halkara standartlara laýyklykda guramak babatdaky tagallalardan ugur alyp, edaranyň barlaghanalarynyň işini hereket edýän halkara ISO/IEC 17025:2017 standartyna laýyk getirmek ugrunda deslapdan degişli işler ýola goýuldy. BMG-niň Neşe serişdelerine we jenaýatçylyga garşy göreşmek boýunça müdirliginiň guramaçylygynda, 2019-njy ýylda kazyýet lukmançylygynyň meselelerine bagyşlanyp, «Türkmenistanda kazyýet-lukmançylyk işini kämilleşdirmek» atly ilkinji pudagara maslahat geçirildi. Onuň netijesinde, Merkezi kazyýet-lukmançylyk edarasynyň barlaghanalaryny ISO/IEC 17025:2017 halkara standartyna laýyk getirmäge gönükdirilen işlere girişmek boýunça pudagara maslahatyň çözgüdi kabul edildi.

Adalat GURTGELDIÝEWA,
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Merkezi kazyýet-lukmançylyk edarasynyň kazyýet-himiýa bölümçesiniň müdiri.
Beýleki habarlar