Daýhançylygyň şöhratly ýolunyň dowamaty

3 Fewral 2024
557

Kesearkajyň gadymy meşhur obasy. Bu töweregiň ilatly ýerleri bilen bir hatarda, ol Aşgabat şäheriniň çägine girizilip, indi oňa Bagtyýarlyk etrabynyň «Akdaşaýak» ýaşaýyş toplumy diýilýär. Ozal hem şäher ýaşaýyş derejesine bäs edýän bu uly ilatly ýerlerde soňky ýyllaryň içinde häzirki zaman infrastrukturasy döredildi. Bu ýerlerde hem obanyň, hem şäheriň artykmaçlyklary özara utgaşýar.

Has ir döwürlerden bäri daýhanlar ýekebara haýatdyr melleklerinde ekin-dikin ýetişdirip, diňe Aşgabadyň ilatyna däl, eýsem, Russiýa ýaly alys ýurtlara-da üzümdir gawun-garpyzlaryny, gaýry miwe we gök önümlerini ugradypdyrlar. Göz giderlikli gazanç etmegi başaran ýer eýeleri häzir hem bu ýörelgäni dowam etdirmäge synanyşýarlar. Kolhoz döwründe gurlan, obanyň ileridir gaýra tarapyny tutup oturan, hakyt «ýyladyşhanalar şäherçesi» diýäýmeli, ýaýrawly giňişlikdäki desgalar — ýyladyşhana toplumlary hem-de mellek ýerlerinde gurlan şeýle önümçilik gurluşlary ozalky obanyň häzirki şäher landşaftyna hem özboluşlylyk berýär. Şeýdibem, bazarlarda gyşyn-ýazyn witaminlere baý önümleriň bolçulygyny döretmäge goşantly daýhanlar, hemişekileri ýaly, limondyr pomidor-hyýary we beýleki hyrydary ýetik täzeden-täze ekinleri ussatlarça tiz we bol ýetişdirip, olary günübirin, terligi bilen bazardyr dükanlara ýetirip bilýärler.

Hakberdi AMANMYRADOW.
«Türkmenistan».
Beýleki habarlar