Yhlasly zähmet — bol hasylyň girewi

2 Fewral 2024
544

Ýerden bol hasyl almak — her bir daýhanyň maksady. Munuň üçin bolsa ýylyň islendik paslynda-da depginiňi gowşatman işlemek zerur. Häzirki günlerde bugdaýlaryň maýsalap oturan meýdanlarynda işler gyzgalaňly alnyp barylýar. Şol bir wagtyň özünde gowaça ekişine ykjam taýýarlyk görülýär. Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde ýerleşýän «Üzümli toprak» daýhan hojalygynda alnyp barylýan şeýle yhlasly işler bilen ýakyndan tanyş bolduk.

Hakyky daýhany diňe öz ekininiň içinden tapmak mümkin. Indi birnäçe ýyldan bäri «ak altynyň», guşgursak ak bugdaýyň bol hasylyny döwlet harmanyna artykmajy bilen tabşyryp gelýän hojalygyň ýolbaşçysy Annageldi Annaýewiň ekin ýerine ir bilen baryp, gürrüňdeş bolduk. Tejribeli daýhan bize şeýle gürrüň berdi:

Baýnazar BAÝHANOW.
«Türkmenistan».
Beýleki habarlar