Ussatda usul kän

1 Fewral 2024
412

Ynsanyň dünýäde ýaşamagy üçin tenekar howa, arassa suw, ýokumly iýmit zerur. Edil şonuň bilen birlikde, adamyň zyýada ömür sürmeginde dermanlyk ot-çöpler hem aýratyn möhümdir. Türkmen topragy bolsa melhemlik ösümliklere diýseň baý. Halkymyz gadymy döwürlerden bäri Hydyr gören türkmen topragynda bitýän ösümliklerdir ot-çöplerden ýerlikli peýdalanyp gelipdir.

«Derdi bolan derman arar» diýlişi ýaly, dermanlyk ot-çöp hemişe hyrydarly bolupdyr. Şeýle bolansoň, olary ösdürip ýetişdirýän adamlara hem hormat goýlupdyr. Ynha, Tejen etrabynyň «Waharman» daýhan birleşiginiň Lukman obasyndan Begenç Atamyradow hem şeýle adamlaryň hilinden. Ol indi 60 ýyla golaý wagt bäri dürli dermanlyk ösümlikleri ýetişdirip gelýär. Onuň bolýan otagyna gireniňde, kitaphana giren ýaly duýgyny başdan geçirýärsiň. Segsen ýaşy arka atyp, togsanyň gyrasyndan gädip ugran Begenç aganyň baý tejribesine esaslanýan gyzykly gürrüňlerini diňledigiňçe, diňläsiň gelýär.

Baýramberdi GELDIMYRADOW.
«Türkmenistan».
Beýleki habarlar