Mälik Şa we Omar Haýýam

31 Ýanwar 2024
1244

Türkmenistanyň orta asyrlar taryhynda uly yz galdyran, öz döwründe imperiýa derejesine ýeten Beýik Seljuk döwleti ylym dünýäsinde uly meşhurlyga ýetipdir. Ylym-bilim döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolupdyr. Seljuk soltanlarynyň döwlet dolandyryşynda ylma howandarlygyň, adamlaryň bilim almaklaryna mümkinçilik döretmegiň, uly şäherlerde kitaphanalaryň, medreseleriň gurulmagynyň ýurduň ösmegine, öňe gitmegine itergi berýändigi baradaky ynam-ýörelgeden ugur alnypdyr.

Beýik Seljuk soltanlary ylym adamlaryna hemmetaraplaýyn hemaýatkärlik edipdirler. Aýratyn hem, soltan Alp Arslanyň ogly Mälik şanyň döwründe (1072 — 1092) ylym-bilimiň, medeniýetiň, sungatyň ösüşi has ýokary derejelere ýetipdir. Ol şäherlerde metjit-medreseler, kitaphanalar, hassahanalar gurdurypdyr. Şol döwürde Seljuk imperiýasynyň çäklerinde «Nyzamiýe» medreseleriň gurulmagy aýratyn tapawutlanýar. Mälik şanyň ylma hemaýatyndan peýdalananlaryň biri hem 1048 — 1131-nji ýyllarda ýaşap geçen meşhur alym Omar Haýýamdyr.

Bahar HUDAÝBERDIÝEWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyby.
Beýleki habarlar