Köýtendagyň arçasy — gözelligiň parçasy

31 Ýanwar 2024
1062

Köýtendag döwlet tebigy goraghanasy döredilen gününden başlap, tokaýlarymyzyň esasyny düzýän arça agaçlary berk gözegçilik astyna alyndy. Bu möhüm işler häzirki günlerde-de giňden alnyp barylýar. Bu agaçlaryň tebigy ýagdaýda köpelmegi ugrunda degişli işler ýaýbaňlandyrylýar. Şonuň bilen birlikde goraghananyň we onuň çäkli goraghanalarynyň meýdanlarynda gorag işleri güýçlendirilýär. Bular bilen birlikde tokaý agaçlarynyň nahallaryny ösdürip ýetişdirmek we meýdanlara ekmek işlerini-de utgaşykly alyp barýarys. Geçen ýylda maksatnama laýyklykda nahalhanamyzda arça nahallarynyň 1 müň düýbi ösdürilip ýetişdirildi we goraghanamyzyň çäginde oturdyldy. Bulardan başga-da pissäniň 3 müň, badamyň 3 müň, arnabyň 2 müň, grek hozunyň 1 müň düýbi ekildi. Olaryň kadaly ösmegini gazanmak meselesini hem gündelik üns merkezinde saklaýarys.

Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda arçalaryň iki görnüşi duş gelýär. Olaryň biri türkmen arçasydyr. Ol, esasan, Köpetdagda, Uly we Kiçi Balkan daglarynda gabat gelýär. Köýtendagda bolsa zerewşan arçasy ösýär. Özi-de bu arçalaryň diňe ýabany görnüşde duş gelýändigi olary goramak we köpeltmek baradaky aladanyň artdyrylmagyny talap edýär. Köýtendagda arça agaçlary 1200 ― 2700 metr belentlikde ösýär. Olaryň boýy 16-20 metre, sütüniniň ini 50-60 santimetre çenli bolýar. Çaklamalara görä, özleri-de ýedi, hatda sekiz asyrlap ýaşaýar. Mydama gök öwüsýän, özüniň gaýtalanmajak gözelligi bilen tebigata ýaraşyk berýän arça tokaýlyklarynyň tutýan meýdany Köýtendagda 30 müň gektara golaýlaýar.

Kuwandyk SAIDOW,
Köýtendag döwlet tebigy goraghanasynyň ylmy işgäri.
Beýleki habarlar