Güýç-gaýratyň, gözelligiň gözbaşy

24 Ýanwar 2024
419

Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda il-ýurt bähbitli işler amala aşyrylýar, halkymyzyň saglygyny goramaga uly üns berilýär, ilatyň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagy üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Ýurdumyzyň oba-şäherlerinde, şäherçelerinde gurlan, häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen döwrebap saglygy goraýyş hem-de sport binalary raýatlaryň saglygyny goramagyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridiginiň aýdyň subutnamasy bolup durýar.

Güýç-gaýratyň, saglygyň gözbaşy hasaplanýan sportuň hem-de köpçülikleýin bedenterbiýäniň ynsan saglygyny goramakdaky möhüm ornuny hiç zat bilen çalşyp bolmaz. Şeýle bolansoň, raýatlarymyz, şol sanda ýaş nesiller sportuň dürli görnüşleri bilen yzygiderli meşgullanýarlar. Ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketiniň we sportuň ösdürilmegi berk bedenli, belent ruhly ýaşlaryň kemala gelmegine mümkinçilik döredýär.

Maýsa Mämmedowa,
welaýat onkologiýa hassahanasynyň zähmeti goramak we tehniki howpsuzlyk inženeri, kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy.
Beýleki habarlar