Ýiti respirator ýokanç keseliniň öňüni almak

16 Ýanwar 2024
603

Ýiti respirator wirus ýokanjy, adyndan belli bolşy ýaly, ýiti görnüşinde geçýär we bu keseli wiruslar döredýär. Onuň bilen islendik adam keselläp bilýär. Ylaýta-da, keseliň öňüni alyş çäreleri doly we dogry berjaý edilmedik ýagdaýynda, näsag adamdan howa-damja, galtaşma ýoly arkaly töweregindäki sagdyn adamlaryň bedenine düşýär we olaryň kesellemegine getirýär. Ýiti respirator wirus ýokanjy bilen kesellemezlik üçin onuň öňüni alyş çärelerini dogry berjaý etmeli. Bedeniň kesele garşy durnuklylygyny ýokarlandyrmak üçin kadaly iýmitlenmeli, ýaramaz endiklerden daşda durmaly, özbaşdak antibakterial derman serişdelerini ulanmakdan saklanmaly.

Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltden ybarat bolan ylmy-ensiklopedik kitaplarynda beýan edilýän dermanlyk ösümliklerden peýdalanmaly. Üzärligi ýakyp, onuň tüssesi otaga ýaýrandan soň 10-15 minutdan penjiräni açyp, otagy ýelejiretmeli, soňra çygly arassalaýyş işlerini geçirmeli.

Aýsona ALLABERENOWA,
Aşgabat şäherindäki 7-nji saglyk öýüniň maşgala lukmany.
Beýleki habarlar