«Türkmenistan Sport», № 4 (20), 2023
Hawa, geçen asyryň 60 — 70-nji ýyllarynda bu jümle hokkeý oýnuny söýüjileriň arasynda uly meşhurlyga eýe bolupdy. Şeýle jümläni eşidenler buzuň üstünde janköýerleri haýran edýän pursadyň bolup geçmegine garaşardylar. Harlamowyň ussatlygy bilen hem şeýle ajaýyp pursat bolup, tomaşaçylary uly şowhuna beslärdi...