Parahatçylyk söýüjiligiň belent nusgasy

28 Dekabr 2023
2439

Eýýamlar täzelenýär, döwletler gurulýar, döwür özgerýär. Dünýäniň syýasy kartasyndaky 200-den gowrak döwletiň bitewüligini ynsanperwer gatnaşyklar, parahatçylyk söýüjilik medeniýeti hasyl edýär. Hoşmeýilliligi bilen tapawutlanyp, beýik soltanlyklary guran halkymyzyň ynsanperwerlik mekdebiniň döwürleriň synagyndan geçendigi taryhdan mälim hakykat. Pederlerimiz ähli milletler bilen ylalaşykly ýaşamaga, il-ýurt bähbitli özara gatnaşyklara mydama uly ähmiýet beripdir. Rehimdarlygy, dawa-jenjelleri çözmekde sözüň güýjüne daýanypdyr. Geçmişden gözbaş alan bu asylly ýörelgeler, pederlerimiziň görüm-göreldesi asyrlar aşyp, biziň günlerimize gelip ýetipdir.

Häzirki dünýäniň gün tertibinde ählumumy parahatçylygy üpjün etmek, hyzmatdaşlygy berkitmek umumy häsiýetli mesele hasaplanýar. Bitaraplyk syýasatynyň oňyn ýörelgeleri eziz Diýarymyzyň ösüş ýoluny kesgitlemäge, parahatçylyk söýüji halk hökmündäki ornumyzy, türkmen döwletliligini berkarar etmäge mümkinçilik berýär. Şunda halkara hyzmatdaşlygyň meýdançasynda parahatçylygyň ilçisi, asudalygyň ygtybarly goragçysy hökmünde Bitaraplygymyzyň gazanan netijeleriniň mysaly-da merdana halkymyzyň ruhy dünýäsine mahsus raýdaşlyk, dostanalyk gatnaşyklarynyň beýik nusgasyny açyp görkezýär. Ösüş arkaly parahatçylygy berkitmek ugrunda ýurdumyz tarapyndan her bir öňe sürlen başlangyçlar, çagyryşlar halkymyzyň ykbalyny özgertmek bilen birlikde, sebitiň, dünýä döwletleriniň durmuşyna hem oňyn täsir edýändigini ençeme gezek subut etdi.

Merjen BORJAKOWA,
Türkmenistanyň Mejlisiniň Durmuş syýasaty baradaky komitetiniň hünärmeni.
Beýleki habarlar