Sarpaly kär dowamat-dowam

27 Dekabr 2023
768

Hemmeler sabyrsyzlyk bilen Täze ýyla näçe günüň, näçe sagadyň, hatda näçe minudyň galandygyny barmak basyp sanap başlady. Şatlyk-şowhun bilen täze ýyla garaşmak, ony garşylamaga howlukmak, megerem, bu baýramyň iň gyzykly pursatlarynyň biridir. Bereketli türkmen topragynda Täze ýyl baýramyny şatlyk-şowhuna besläp, mynasyp üstünlikler bilen garşylamak indi asylly däbe öwrüldi.

Biz täze ýylyň bosagasynda bu baýramçylygy zähmet üstünlikleri bilen garşylaýan lukmanlar maşgalasynda myhmançylykda bolduk. Welaýat enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň newrologiýa bölüminiň müdiri Rozumbaý Babanazarowyň bagtyýar maşgalasynda her ýyl bu baýramçylykda jemi bäş lukman bereketli saçagyň başyna jemlenýär. Bize-de lukmanlar bilen toý saçagynda ýakymly söhbet etmek miýesser etdi.

Maral AKMYRADOWA,
ýörite habarçymyz. Surata düşüren Merdan ORAZOW.
Beýleki habarlar