Ýaş türgenleriň ussatlygy

26 Dekabr 2023
400

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty mundan beýläk-de goldamak, ösdürmek ugrundaky tagallalaryndan ugur alnyp, Gökdepe etrabynyň sport mekdebinde netijeli işler alnyp barylýar. Ýaşlaryň sporta bolan başarnyklaryny çagalykdan ýüze çykarmak, tälim bermek, sport ussatlyklaryny ýokarlandyrmak hem-de olaryň güýçli türgenler bolup ýetişmegini gazanmak ugrunda mekdebiň tälimçi-mugallymlarynyň her biri yhlasly işleýär.

Sport mekdebiniň tälimçileri sportuň 9 görnüşi boýunça ýaşlaryň 400-e golaýy bilen 36 toparda okuw-türgenleşik sapaklaryny yzygiderli häsiýetde geçýärler. Tälimçi-mugallymlaryň yhlasynyň ýerine düşýändigine tamamlanyp barýan şanly ýylymyzyň dowamynda mekdebimiziň türgenleriniň dürli derejedäki ýaryşlarda gazanan üstünlikleri güwä geçýär. Türgenlerimiz halkara ýaryşlarynda altyn medalyň 4-sini, kümüş medalyň 5-sini, şeýle-de bürünç medaly gazandylar.

Beýleki habarlar