Mätäje goldaw bermek , ynsanperwerlik , hossarsyz çagalary üns-alada bilen gurşamak türkmen halkynyň iň gowy gylyk-häsiýetleriniň, aň-düşünjesiniň esasy aýratynlyklarynyň biridir. Ýaş nesliň hukuk we durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmek, halkymyza gadymdan mahsus bolan ruhy-ahlak, medeni gymmatlyklary dünýä ýaýmak, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, ýaşlarda watansöýüjiligi, ynsanperwerligi, raýat jogapkärçiligini terbiýelemek, olaryň başlangyçlaryny goldamak we höweslendirmek milli strategiýanyň esasy ugurlaryny bolup durýar.
Milli kadalarymyza esaslanýan däplerimizi ata-babalarymyzyň asylly ýoluna görä dowam etmekde hut şu ýylyň özünde geljegiň, döredijiligiň, ýaşlygyň şäheri bolan Arkadag şäheriniň açylyp ulanylmaga berilmegi ähmiýetlidir. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň howandarlygynda bu ýerde ýurdumyzyň taryhynda ilkinji gezek ýokary hilli döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylan Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň öz işine başlamagy hemaýata mätäç çagalara kömek etmek boýunça giň gerimli işleri ep-esli giňeltmäge mümkinçilik berdi.