Luis Suares Lionel Messiniň toparyna goşuldy

24 Dekabr 2023
418

Urugwaýly futbol hüjümçisi Luis Suares erkin agent hökmünde «Inter Maýami» toparyna goşulandygy barada klubuň saýtynda habar berildi.

Ussat futbolçy ýene-de «Barselona» toparyndaky köne dostlary — Lionel Messi, Serhio Buskets we Jordi Alba bilen oýnar. Bu futbolçylar bilelikde bäş möwsümde dört gezek La Liganyň, şeýle-de 2015-nji ýylda Çempionlar Ligasynyň çempiony bolmagy başardylar.

Taýýarlan: Jennet Annagullyýewa,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sport žurnalistikasy hünäriniň talyby.
Beýleki habarlar