Buýsançly kalplaryň ganaty

23 Dekabr 2023
726

Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň yhlas-aladasyndan, çuňňur paýhasyndan kemala gelen Arkadag şäheri geçmişi yzarlaýan, geljegi nazarlaýan milliligiň kämil nusgasynda gurlandyr.

Täze şäheriň çäginde peýda bolan desgalaryň hatarynda Çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezine Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adynyň dakylmagy we Lukmançylyk orta hünär okuw mekdebine tanymal şahsyýet, birnäçe döwlet sylaglarynyň eýesi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory Saçly Dursunowanyň adynyň dakylmagy baradaky hoş habar ýurdumyzyň Saglygy goraýyş we derman senagaty pudagynda zähmet çekýän lukmanlary we ýokary okuw mekdebimiziň professor-mugallymlaryny hem-de talyp ýaşlaryny tüýs ýürekden begendirdi.

Beýleki habarlar