Zenanlaryň hukuk goraglylygy ugrunda

22 Dekabr 2023
2736

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda zenanlara aýratyn hormat-sarpa goýulýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň zenanlarynyň abadan, eşretli durmuşa guwanyp ýaşamagy, döredijilikli zähmet çekmegi, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, watançy, zähmetsöýer nesilleri terbiýeläp ýetişdirmegi üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Döredijilikli zähmet çekýän bagtyýar zenanlarymyz jemgyýetimizde agzybirligi, jebisligi pugtalandyrmaga, Watanymyzyň gülläp ösmegine we dünýädäki at-abraýynyň artmagyna öz goşantlaryny goşýarlar.

Diýarymyzda gender deňligini üpjün etmek boýunça durmuşa geçirilýän maksatnamalaýyn işler öz miwesini eçilýär. Ýurdumyzyň köpýyllyk hyzmatdaşy bolan Aziýa ösüş banky tarapyndan Merkezi Aziýada sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň (CAREC) «2023-nji ýyl boýunça gender deňligini öňe sürmek» atly bäsleşigi yglan edilip, oňa dalaşgär hökmünde Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Gruziýanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, Hytaýyň, Pakistanyň hem-de Mongoliýanyň degişli guramalary bilen bir hatarda, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi-de gatnaşdy. Bu jemgyýetçilik guramasy bäsleşige ýurdumyzda gender deňligini öňe sürmek, zenanlaryň jemgyýetde eýeleýän ornuny has-da ýokarlandyrmak, olary syýasy, ykdysady we durmuş çözgütleriniň kabul edilmegine çekmek, durmuş-ykdysady ösüşlere mynasyp goşant goşmak, täze demokratik şertlerde zenanlaryň jemgyýetçilik hereketini işjeňleşdirmek boýunça işlerde ýokary görkezijileri bilen gatnaşdy.

Akjemal DURDYÝEWA,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň başlygy.
Beýleki habarlar