Ylymlaryň ummanynda

20 Dekabr 2023
2135

Tamamlanyp barýan ýylymyz Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň mugallymlarydyr talyplary üçin hem düşümli ýyllaryň biri boldy. Şanly ýylda olaryň birnäçesi döwlet we halkara derejeli bäsleşikleriň ýeňijileri hem-de abraýly sylaglardyr baýraklaryň eýeleri boldular. Şeýle talyplarymyzyň biri hem biologiýa hünäriniň dördünji ýyl talyby Döwran Ahmedowdyr.

Üstümizdäki ýylda oňa Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi bolmak bagty miýesser etdi. Ylmy gözleglere yhlaslylyk bilen ýapyşýan Döwran Ahmedow «Arnap agajynyň wegetatiw köpeldilişi we gök zolaklarda ulanmagyň aýratynlyklary», «Türkmenistanyň mollýuskalarynyň poleobiologiýasy», «Öý şertlerinde çybynlara garşy göreşmegiň sada usullary», «Azyk howpsuzlygyny üpjün etmekde üzüm çigidinden senagat ähmiýetli önümleri almak» ýaly mowzuklar boýunça taýýarlan ylmy işleri bilen ýurdumyzyň ýaş alymlarynyň arasynda geçirilýän bäsleşiklere yzygiderli gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp boldy. Ol nazaryýetde alan bilimlerini berkitmek we kämilleşdirmek maksady bilen institutyň tejribe meýdançasynda-da yzygiderli işleri alyp barýar. Şeýle hem ol üstümizdäki ýylda şu ýokary okuw mekdebinde işläp başlan ÝUNESKO kafedrasynyň hem işjeň agzalarynyň biri. Döwran ýurdumyzyň we dünýäniň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilýän ders bäsleşiklerinde, internet olimpiadalarynda hem ýokary netijelere eýe boldy. Döwran halypa mugallymlaryň goldawy bilen häzirki günlerde ylmy gözleglerini «Ulitkalary kosmetologiýada we derman senagatynda ulanmagyň ähmiýeti» diýen mowzuk boýunça dowam etdirýär.

Jennet RÖWŞENOWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar