Şirgazy medresesi

7 Dekabr 2023
2030

Horezmşalar döwleti Merkezi Aziýada giň oazisli Amyderýanyň aşaky akymynda ýerleşýän siwilizasiýanyň we ekerançylygyň gülläp ösen ýurdy bolupdyr. «Horezm» sözi «Güneşli ýurt» diýen manyny aňladypdyr. Abu-Reýhan Birunynyň «Geçen nesilleriň ýadygärlikleri» diýen işinde horezmliler miladydan öňki XIII asyra degişli edilýär. Muňa suwaryş desgalarydyr arheologik ýadygärlikleriň galyndylary hem şaýatlyk edýär. Horezmiň topragynyň köp böleginde çylşyrymly suwaryş desgalary, akabalar, ýaplar bolupdyr. Oba hojalygynda, esasan, pagtaçylyga, şaly ekmäge üns berlipdir. Bagçylyk we üzümçilik ep-esli orny eýeläpdir.

Horezm döwleti ykdysady, medeni galkynyşlar bilen birlikde, gowgaly döwürleri hem başdan geçiripdir. Talaňçylykly uruşlar, guraklyk, açlykdyr ýokanç keseller şäherleriň gülläp ösmegine ýaramaz täsir edipdir. Emma şeýle-de bolsa, halk Horezmi gaýtadan dikeltmek üçin güýç tapypdyr. Ürgenç, Hywa şäherleri belli bir wagtyň dowamynda gür ilatly, medeni-ykdysady merkezlere öwrülipdir.

Mäti ANNANUROW,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň esasy ylmy işgäri, filosofiýa ylymlarynyň kandidaty.
Beýleki habarlar