23 – 28-nji noýabr aralygynda Aşgabatda geçirilen Kuraş boýunça dünýä çempionaty uly üstünliklere beslendi. Bu ýaryşda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň 300-e golaýy meýletinçiler hökmünde gatnaşdy.
Ýaryşa taýýarlyk döwründe meýletinçiler bilen degişli okuwlar geçirilip, olaryň her biriniň etmeli işleri kesgitlenildi. Guramaçylygyň beýleki ugurlarynda bolşy ýaly, meýletinçileri taýýarlamakda hem halkara tejribesinden ugur alyndy.