Italiýanyň çempionatynda «Italia» derbisinde «Ýuwentus» bilen «Inter» duşuşyp, duşuşykda ýeňiş gazanan bolmady. Wlahowiçiň hem-de Martinesiň garşylykly gollary bilen duşuşyk 1–1 hasabynda deňlikde tamamlandy. Soňky çempion «Napoli» myhmançylykda «Atalantany» Kwarasheliýa bilen Elmasyň gollary esasynda 2–1 hasabynda ýeňdi. «Milan» öz meýdançasynda «Fiorentinany» Teo Hernandesiň 45+2-nji minutda geçiren penalti goly bilen 1–0 utdy. Duşuşykda meýdança soň giren «milanly» Françesko Kamarda 15 ýaş 260 gün bilen «Serie A»-da oýnan iň ýaş futbolçy diýlip hasaba alyndy. Öz meýdançasynda «Lasio» bilen duşuşan «Salernitana» güýçli garşydaşyny 2–1 hasabynda ýeňdi. Bu olaryň şu möwsümdäki ilkinji ýeňşi boldy.
Ispaniýanyň çempionatynda myhmançylykda «Kadiz» toparyny Rodrigo (2) we Bellingamyň gollary bilen 3–0 hasabynda ýeňen «Real Madrid» 1-nji orna geçdi. Bellingam «Real Madridde» ilkinji 15 oýunda 14 gol geçiren ilkinji futbolçy boldy. «Žirona»–«Atletik», «Raýo Wallekano»–«Barselona» duşuşyklarynda ýeňiş gazanan bolman, 2 oýun hem 1–1 hasabynda deňlikde tamamlandy. «Atletiko Madrid» Antuan Grizmannyň 64-nji minutdaky ýeke-täk goly bilen «Malýorkany» ýeňlişe sezewar etdi. Iň aşaky orunda barýan «Almeriýa» toparyna bu tapgyrda-da ýeňiş gazanmak başartmady.