Beýik Ýüpek ýoly — dost-doganlygyň ýoly

20 Noýabr 2023
619

18-nji noýabrda Mary şäherinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaý Halk Respublikasynyň ýaşlarynyň «Beýik Ýüpek ýolunyň täze eýýamy» atly forumy üstünlikli jemlenip, onuň ýapylyş dabarasy medeni çäreler bilen utgaşdy. Forumyň jemleýji gününde oňa gatnaşyjylar «Gadymy Merw» taryhy-medeni döwlet goraghanasyna baryp gördüler. Bu ýerde myhmanlar duz-çörek bilen garşylanyp, olara ýörite gurnalan ak öýlerde milli tagamlar hödür edildi. Amaly-haşam sungatynyň sergisinde foruma gatnaşyjylar türkmen tebigaty, milli medeniýetimiz we gadymy däp-dessurlarymyz bilen tanyşdylar.

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaý Halk Respublikasynyň ýaşlarynyň «Beýik Ýüpek ýolunyň täze eýýamy» atly forumyna gatnaşan Ählihytaý ýaşlar federasiýasynyň Türkmenistan boýunça ýörite bellenen ilçisi, Şansi ýaşlar ligasynyň başlygy Sýu Ýoňşeň:

(Ýörite habarçymyz).
Surata düşüren Annanur REJEBOW.
Beýleki habarlar