Täsinlikler äleminde

1 Noýabr 2023
913

Iň uly dynç alyş merkezi

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Las Wegas şäheriniň görküne görk goşýan täsin bina gijelerine tutuş şähere ajaýyp öwüşgin çaýýar. Bina, esasan, sport çäreleri, film we aýdym-saz şüweleňleri üçin niýetlenendir. Ajaýyp binanyň beýikligi 111 metr töweregi we ini, takmynan, 157 metrdir. Okara şekilli bu täsin binada dünýäde ýokary derejeli LED ekrany bar. Bina dünýäde iň köp yşyklandyryjylar bilen üpjün edilen desga hökmünde hem giňden meşhurdyr. Ony 1,2 million töweregi yşyklandyryjy çyralar bezeýär. Şu ýylyň 4-nji iýulynda bina ilkinji gezek doly yşyklandyryldy. Binanyň gurluşygyna 2,3 milliard amerikan dollaryna barabar çykdajy edilipdir.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlan Ogulmaýsa BAÝRAMOWA,
«Aşgabat».
Beýleki habarlar