Köpöwüşginli sungatyň toýy

19 Oktýabr 2023
550

11-nji oktýabrda Köpetdagyň ajaýyp tebigy künjeginde ýerleşýän Arkadag şäherinde V Wena baly we «Galkynyş» türkmen-awstriýa simfoniki orkestriniň konserti geçirildi. Bu çäre ýurdumyzyň medeni durmuşyna özboluşly öwüşgin çaýyp, Türkmenistan bilen Awstriýa Respublikasynyň arasyndaky dostluk we netijeli hyzmatdaşlyk köprüsine öwrüldi.

Agşam «Arkadag Binasynyň» öňündäki meýdançada V Wena baly we «Galkynyş» türkmen-awstriýa simfoniki orkestriniň konserti boldy. Şunuň bilen baglylykda, bu döredijilik çäresiniň Arkadag şäherinde ilkinji gezek geçirilýändigini bellemek gerek. Şeýle çäreler ozal Aşgabatda guralýardy. Aýdym-saz agşamy ýurdumyzyň görnükli aýdymçylarynyň hem-de Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň, Döwlet horunyň bilelikde ýerine ýetirmeginde «Arkadag şäheri — bagtyň şäheri» atly aýdym bilen açyldy.

Beýleki habarlar