Hoşniýetli hyzmatdaşlygyň täze gözýetimleri

12 Oktýabr 2023
667

Türkmenistan Ýer ýüzünde parahatçylyk arkaly ösüşi üpjün etmek babatda dünýä döwletleri we iri halkara guramalary bilen hoşniýetli hyzmatdaşlygy giňeltmäge aýratyn ähmiýet berýär. Ýurdumyzyň oňyn bitaraplyk hukuk derejesine esaslanýan «Açyk gapylar» syýasaty ählumumy howpsuzlygy berkitmekde, häzirki zamanyň möhüm meseleleriniň sazlaşykly çözgüdini tapmakda, döwletleriň we halklaryň durnukly ösüşi üçin amatly şertleri döretmekde, şeýle hem ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmekde halkara bileleşiginiň tagallalaryna hemmetaraplaýyn ýardam berýär. Şu jähetden, 2023-nji ýylyň 28-29-njy sentýabrynda Gahryman Arkadagymyzyň Germaniýa Federatiw Respublikasyna amala aşyran iş saparynyň ähmiýetini bellemek dogry bolar.

Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň tabşyrygy bilen Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygyndaky ýurdumyzyň wekiliýetiniň bu dostlukly döwletde geçiren ýokary derejeli duşuşyklarynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki ulgamlarda birek-birege hormat goýmak, deňhukuklylyk, özara ynanyşmak ýörelgeleri esasynda hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Kakageldi NEPESGULYÝEW,
Türkmenistanyň Arbitraž kazyýetiniň hünärmeni.
Beýleki habarlar