Türkmenistan — sagdynlygyň ýurdy

12 Oktýabr 2023
546

Ýegor ZAÝSEW,
BSGG-niň Türkmenistandaky ýurt boýunça edarasynyň ýolbaşçysy:

— Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy 30 ýyldan gowrak wagt bäri dowam edip gelýär. Türkmenistan 1992-nji ýylyň 2-nji iýulynda BSGG-niň agzalygyna kabul edildi. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň köpýyllyk tejribesi milli saglygy goraýşyň ileri tutulýan ugurlary boýunça bilelikdäki möhüm taslamalaryň we maksatnamalaryň birnäçesiniň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň güwäsidir. Biz Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurduň jemgyýetçilik saglygy goraýyş ulgamyndaky oňyn özgertmeleriň şaýady bolduk. Şeýlelikde, ýokanç däl keselleriň derejesini peseltmek we olaryň ösüş töwekgelçiliginiň täsirlerini aradan aýyrmak maksady bilen, Türkmenistanda temmäkä gözegçilik etmek boýunça BSGG-niň maslahatlaryna esaslanýan giň gerimli maksatnama kabul edildi. Munuň özi çilim çekýänleriň sanyny görnetin azaltmaga ýardam berdi.

Beýleki habarlar