Annaoraz ANNAORAZOW,
Arkadag şäheriniň häkimliginiň jemagat hojalygynyň işini utgaşdyryjy bölüminiň başlygy:
— 28-29-njy sentýabrda Gahryman Arkadagymyz Germaniýa Federatiw Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Şol iş saparynda Germaniýa döwletine gitmek maňa-da miýesser etdi. Merkezi Aziýa döwletleriniň we Germaniýa Federatiw Respublikasynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda geçen bu duşuşyk üstünlikli amala aşyryldy. Saparyň birinji güni ady dünýä ýaň salan Arkadag şäheriniň jemagat hojalygynyň işini has-da kämilleşdirmek maksady bilen, daşary ýurtly hünärmenleriň gatnaşmaklarynda ikitaraplaýyn pikir alyşmalar geçirildi. Şolaryň hatarynda jemagat hojalygynda ulanylýan tehnikalary öndürýän birnäçe daşary ýurt kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen hem duşuşyk geçirildi.