Sanly we «akylly» tehnologiýalaryň mekany

24 Iýul 2023
1071

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň ýadawsyz tagallalaryndan kemala gelen Arkadag şäheri sanly tehnologiýalaryň mümkinçiliklerine daýanýan kämil şäheriň nusgasydyr. «Akylly» şäher konsepsiýasyna laýyklykda gurlan bu ajaýyp şäheriň binalarynyň, ýaşaýyş jaýlarynyň innowasion tehnologiýalar bilen üpjün edilmegi halkyň bagtyýar durmuşyna gönükdirilen taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigine doly şaýatlyk edýär.

Gahryman Arkadagymyz: «Arkadag şäheriniň «akylly» şäher konsepsiýasy öňdebaryjy maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň we internet serişdeleriniň sazlaşygyna esaslanýar» diýip belleýär. «Akylly» şäher konsepsiýasy öňdebaryjy maglumat aragatnaşyk tehnologiýalaryna esaslanmak bilen, şäher düzümini dolandyrmagy, ilatyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmagy göz öňünde tutýar. Bu konsepsiýa ilatyň durmuş şertlerini yzygiderli kämilleşdirýär, häzirki zaman sanly hyzmatlaryň elýeterliligini artdyrýar. Şeýle hem şäher infrastrukturasy döwrebaplaşdyrylanda tehniki enjamlaryň işleýşine we ýagdaýyna zerur bolan gözegçiligi üpjün edýän birnäçe amatlyklary özünde jemleýär.

Maýsa KURBANOWA,
Mary welaýat prokurorynyň hukuk üpjünçiligi boýunça uly kömekçisiniň wezipesini ýerine ýetiriji, 1-nji derejeli ýurist.
Beýleki habarlar