Arkadagly Serdarymyzyň öňdengörüjilikli baştutanlygynda halkymyzyň bolelin durmuşyna gönükdirilen ykdysady özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar. Ýurdumyzyň işewürleri hem döwür bilen deň gadam urup, dünýä tejribesiniň iň soňky gazananlaryny özleşdirmäge, önümçilige innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmaga hem uly ähmiýet berýärler. Bu babatda Mary welaýatynda ýerleşýän Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy telekeçi Begenç Orazowa degişli «Täze Aý» haryt nyşanly konditer, şöhlat we ýarym taýýar azyk önümlerini öndürýän kärhanada alnyp barylýan işler hem bellenilmäge mynasypdyr.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň yhlasyndan kemala gelip, okgunly ösüşleriň nyşanyna öwrülen Arkadag şäheriniň açylmagy ýurdumyzyň hususyýetçilerini hem täze üstünliklere ruhlandyrdy. Ýurdumyzyň öňdebaryjy kärhanalarynyň biri hem sebitdäki ilkinji «akylly» şäheriň mümkinçiliklerinden ylham alyp, innowasion tehnologiýalar esasynda işleýän täze edara ediş binasyny işe girizdi. «Akylly» tehnologiýalara esaslanýan edara ediş binasynda kärhananyň önümleriniň ýurdumyzyň ähli ýerlerindäki satuwlary barada maglumat almaga hem mümkinçilik döredilendir. Has takygy, bu ýerde ornaşdyrylan sanly ulgam paýtagtymyzda we ýurdumyzyň sebitlerinde «Täze Aý» haryt nyşanly önümleriniň satylan möçberi baradaky maglumatlary edara binasyna habar berýär. Şeýle ulgam satuwlaryň ýagdaýyndan habarly bolmaga, sarp edijileriň isleglerini kanagatlandyrmakda täze çemeleşmeleri durmuşa ornaşdyrmaga mümkinçilik berýär.