Arkadag şäheriniň öýleri «Arkadagly ýaşlar» programmasy arkaly dolandyrylýar

6 Iýul 2023
926

Arkadag şäherindäki öýlerde «Arkadagly ýaşlar» programmasy hyzmat edýär. «Türkmenistan» gazetiniň habar berşi ýaly, programma «akylly» öýe degişli buýruklary özbaşdak ýerine ýetirer ýaly taýýarlandy.

Lokal torda işleýän «akylly» öý ulgamy girizilen serwer ornaşdyryldy. Maşgala agzalary planşetiň üsti bilen telewizory işledende, serwer enjamymyz ýiti ýanyp duran yşygy köreldýär. Perdeleri ýapýar. Öý eýesine rahat ýagdaýy üpjün edýär. Otaglaryň howasyny we çyglylygyny awtomatik görnüşde sazlaýar. Munuň üçin ýörite sensorda işleýän kondisionerler we çyglylyk berýän enjamlar bar. Otagdaky yşyklary ýiti, öçügsi diýen ýaly, dürli ýagtylyga-da getirmek mümkin.

Beýleki habarlar