Sanly bilim — ösüşleriň kepili

5 Iýul 2023
1035

Hormatly Prezidentimiziň: «Bilim her bir döwletiň hemmetaraplaýyn ösmegini üpjün edýän esasy kesgitleýji ugur bolup durýar» diýip bellemegi bilen, ylym-bilim ulgamyny kämilleşdirmek, okuw sapaklarynda innowasion tehnologiýalardan peýdalanmak hem-de sanly çözgütlere ýüzlenmek barha möhüm ähmiýete eýe bolýar. Olaryň netijesinde bolsa, ýaş nesillerimiziň bilim taýýarlygyny ýokary derejä ýetirmek baş maksat edip goýulýar. Bu maksada ýetmekde ýurdumyzyň bilim ojaklarynyň maddy-tehniki binýady pugtalandyrylýar we berilýän bilimleriň hil derejesi has-da ýokarlanýar. Sanlylaşdyrma milli ykdysadyýetimiz, şol sanda milli bilim ulgamymyz üçin hil taýdan täze döwür bolup durýar. Ol ösüşi tiz durmuşa geçirmäge ýardam edýär. Sanly bilim ulgamyny ornaşdyrmak arkaly, mundan beýläk-de okatmagyň usullaryny kämilleşdirmek esasy ugurlaryň biridir. Muňa mysal edip, «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynyň» kabul edilmegi hem şaýatlyk edýär.

Döwrebap usullar arkaly sapaklaryň geçirilmegi biziň ýurdumyzda hemmetaraplaýyn ýola goýulýar. Multimediýa tagtasynda we kompýuterlerden peýdalanyp geçirilýän daşary ýurt dillerini öwretmekdäki sapaklar, talyp ýaşlaryň şol dersleri has-da netijeli özleşdirmäge we olaryň bu derslere bolan höwesini artdyrmaga ýardam edýär. Sapagyň dowamynda talyplaryň görkezilýän wideoşekilleri diňläp, olarda ýaňlanýan sözleriň aýdylyşyna üns berip, daşary ýurt dillerinden başarnyklaryny artdyrmagy, ylaýta-da, sözleýiş ukyplaryny kämilleşdirmegi netijesinde talyp ýaşlaryň sözleriň takyk we dogry aýdylmagyna, ýalňyşlaryny düzetmeklerine kömek edýär. Şeýle usulda geçirilýän sapaklar talyp ýaşlaryň dil öwrenmäge bolan höwesini artdyrýar we sapak wagtynyň dowamynda birbada köp sanly ýumuşlary ýerine ýetirmegine mümkinçilik döredýär. Şeýlelikde, sapaklarda innowasion tehnologiýalardan ýerlikli peýdalanmak diňe işiň bähbidine boljakdygy ikuçsuzdyr.

Aýnur SATLYKOWA,
TGM-niň Harby-deňiz institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar