Sanly ykdysadyýetde sanly tehnologiýalar

5 Iýul 2023
967

Mälim bolşy ýaly, häzirki döwürde sanly ulgam dünýä ösüşiniň möhüm şertleriniň biri hasaplanylýar. Sanly bilim ykdysadyýetiň ähli pudaklaryna, şol sanda adamlaryň gündelik durmuşyna, hünär işine barha işjeň ornaşýar. Şoňa görä-de, Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan özgertmeleri hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow üstünlikli dowam etdirmek bilen, öz çykyşlarynda döwlet edaralarynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmakda sanly ulgamyň, maglumat tehnologiýalarynyň aýratyn ähmiýete eýedigini nygtaýar.

Bu babatda ýaňy-ýakynda uly dabara bilen açylan Arkadag şäheriniň «akylly» şäher gurluşygyna esaslanan mümkinçiliklerini mysal getirmek buýsandyryjydyr. Gysga wagtyň içinde bina edilen «akylly» şäherde döwrebap «akylly» şäherden talap edilýän howpsuzlyk, «ýaşyl» şäher, «akylly» ulag ulgamynyň, «akylly» gaz, suw we elektrik ulgamlarynyň hem-de «akylly» şäher hyzmatlarynyň ählisi kemala geldi.

Annageldi ANNABERDIÝEW,
TGM-niň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň uly mugallymy.
Beýleki habarlar