Asly bostonly telekeçi Jozef Li 1800-nji ýylyň ahyrynda çörek üçin awtomatik usulda hamyr ýugrujy enjamy oýlap tapýar. Onuň oýlap tapan bu enjamy çörek önümçiliginde uly ýeňillik döredýär.
1830-njy ýylda jenap Kawalýe bilen Pariždäki kiçiräk kompaniýalaryň biri «Petrisseur» atly mehaniki hamyr ýugrujy enjamy, ýene-de şol ýylda fransuz oýlap tapyjysy, «Linkoln’s Inn» hukuk edarasynyň wekili jenap Poul hem öz hamyr ýugrujy maşynyny ulanylyşa goýberýärler. Ýöne bu hamyr ýugrujy maşynlar diňe önümçilige niýetlenip döredilýär.