Binagärlikde döwrebap äheňler

25 Aprel 2023
979

Binagärlik-gurluşyk pudagynda innowasiýa tehnologiýalarynyň köp asyrlyk ösüş taryhy bar. Olaryň ösüş taryhy ilkinji kerpijiň oýlanyp tapylmagyndan başlandy. Şondan soň adamlar daşdan, agaçdan, palçykdan salnan binalary kem-kemden terk edip başladylar. Soňra binagärlik sungatyny berkligiň täze derejesine çykaran beton döredildi. Gurluşykçylar betonyň kömegi bilen islendik taslamalar üçin zerur bolan görnüşleriň böleklerini döredip başladylar. Demir-beton bolsa, aşa beýik binalary gurmaga mümkinçilik berdi, eger bu gurluşyk materialy bolmasa, şeýle binalar öz agramynyň aşagynda ýykylyp bilerdi. Häzirki wagtda binagärlik-gurluşyk pudagyna birleşdirilen — kompozit materiallar we aýnaköpügi ýaly täzelikler girizilýär. Emeli intellekt häzirki zaman jaýlarynyň binagärliginiň aýrylmaz bölegine öwrülýär. Ol gajetleri dolandyrýar, öý eýeleriniň özüni alyp baryşlaryna gözegçilik edýär we jaýyň içki infrastrukturasyny olaryň hereketlerine uýgunlaşdyrýar. Gajetler we «akylly» öý enjamlary öz aralarynda biri-biri bilen «aragatnaşyk saklaýarlar». Robotlar bolsa, ozal ýerine ýetirilmesi üçin adamlaryň köp wagtyny alan işleri ýerine ýetirýärler.

Häzirki zaman innowasion binagärlik-gurluşyk tehnologiýalarynda aýnaköpügi we kompozitler ýaly aşa berk materiallar öňe çykýar. Bu materiallar ýokary gysyjy güýji we pes temperatura durnuklylygy sebäpli geljekde olaryň kerpijiň we betonyň ýerini eýelemek mümkinçiligi bar. Aýnaköpügi ýokary ýylylyk saklaýjylyk aýratynlyklary, daşky gurşaw we arassaçylyk taýdan howpsuzlygy bilen birlikde ýokary berkligi, ýanmaýanlygy, gaýtadan işlemegiň we gurnamagyň aňsatlygy bilen tapawutlanýar, ol bu görkezijileri uzak wagtlap saklamak ukybyna eýedir. Bu material ähli adaty ulanylýan kislotalara (turşulyklara) we olaryň buglaryna çydamlydyr, suw we suw buglaryny geçirmeýär, bakteriýalara we kömeleklere çydamlydyr, oňa gemrijiler zeper ýetirip bilmeýär, ol ýanmaýar, tüsse ýa-da zäherli maddalary çykarmaýar. Aýnaköpük örtükli paneller binalara ylmy-fantastiki filmlerdäki gurluşyklara meňzeýän üýtgeşik görnüş berýär. Awstriýanyň Graz şäherindäki Kunsthaus sungat muzeýiniň binasy munuň aýdyň mysalydyr.

Annamuhammet MYRADOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.
Beýleki habarlar