Sanly ulgam durmuşymyzda

19 Aprel 2023
765

Aşgabat — bagtyň hem söýginiň şäheri. Köňülleriň ylhamy, ýürekleriň joşguny. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen dünýä ýüzünde dost-doganlygyň mekanyna öwrülen gözel Watanymyz, paýtagtymyz, Aziýanyň merjeni Aşgabat parahatlyk merkezi, bagtyýarlyk mekany. Ol şahyrlaryň çeper şygyrlarynda, bagşy-sazandalaryň şirin aýdym-sazlarynda, sungat ussatlarynyň kämil eserlerinde wasp edilip, tarypy dünýä dolýar. Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ýaşaýan Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlarymyz öz hekaýadyr oýlanmalarynda, kyssadyr goşgularynda Watanymyzyň, paýtagtymyzyň waspyny şeýle beýan edýärler.

Ýurdumyzyň geljegi bolan ýaş nesilleriň hemmetaraplaýyn sazlaşykly kemala gelmeginde ähli zerur şertler döredilýär, bilim ulgamynyň işi has-da kämilleşdirilýär. Hemmämize mälim bolşy ýaly, şu ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip atlandyrylmagy okap, öwrenip, kämil hünärmenler hökmünde aýdyň geljegi gurýan ýaşlarymyza belent ynamy aňladýar. Şol ynam ösüp gelýän ýaş nesilleri tutanýerli zähmet çekmäge, ýurdumyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşmaga ruhlandyrýar.

Allaberdi NURBERDIÝEW,
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyby.
Beýleki habarlar