Ýurdumyzda sanly bilim ulgamyny ornaşdyrmakda taýsyz tagallalar

17 Aprel 2023
784

Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda”, beýleki milli maksatnamalarda ylym-bilim ulgamyny kämil derejede ösdürmek, ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak ugrunda kesgitlenen wezipeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde bu ulgamy kämilleşdirmek üçin anyk maksatlar öňde goýuldy. Bu maksatlary amala aşyrmak üçin uly mümkinçilikler, şertler döredildi. Ýurdumyzda bilim we ylym ulgamlarynda özgertmeleri geçirmek bilen bagly täze wezipeler kesgitlendi. Arkadagly Serdarymyzyň belleýşi ýaly, bu wezipeler ata Watanymyzyň gülläp ösmeginiň, dünýädäki abraý-mertebesiniň has-da ýokarlanmagynyň ygtybarly kepili bolup durýar.

Sanly bilimi ösdürmek, ilkinji nobatda, bilim ulgamynda zähmet çekýän mugallymlardyr hünärmenleriň, şeýle-de, bilim alýan talyplaryň häzirki zaman kompýuter tehnologiýalaryndan ussatlyk bilen baş çykarmaklaryny ýüze çykarýar. Biziň okuwçylarymyz okuw sapaklarynda, şeýle hem sapakdan daşary işlerde sanly bilimiň gazananlary, ondan peýdalanmagyň usullary hakynda düşünjelerini yzygider artdyrýarlar, innowasion gollanmalary we maksatnamalary öwrenýärler. Häzirki zaman innowasion tehnologiýalarynyň bilimi kämilleşdirmekdäki hyzmatyny we ähmiýetini dürli söhbetdeşlikleriň netijesinde ýaşlara düşündirýäris. “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny” amala aşyrmak boýunça işler ýörite düzülen meýilnamalar esasynda amala aşyrylýar. Bu bolsa ýurdumyzyň bilim ulgamynyň innowasion tehnologiýalar bilen çalt depginde ösýändigine şaýatlyk edýär.

Beýleki habarlar