Ekologiýa abadançylygy – durnukly ösüşiň gözbaşy

17 Mart 2023
1122

Ýakynda BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň hem-de Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň «Köpsanly bähbitleriň gazanylmagy üçin Aral deňziniň basseýninde ýer serişdelerini we ýokary tebigy gymmatlygy bolan ekoulgamy gorap saklamak we durnukly dolandyrmak» atly taslamasynyň çäklerinde biologik köpdürlüligi gorap saklamagyň netijeliligini ýokarlandyrmagyň öňdebaryjy usullaryny öwrenmek boýunça Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynda bolup geçen amaly-usuly okuw maslahaty halkymyzyň arasynda ekologik bilimleri giňden ýaýratmak, tebigaty goramagy wagyz-nesihat etmek babatda ähmiýetli çäreleriň biri boldy. Etrap häkimliginiň mejlisler eýwanynda geçirilen maslahata USAID TSK-niň – ABŞ-nyň Halkara ösüş guramasynyň Merkezi Aziýa söwda maksatnamasynyň ýurdumyzdaky wekilleri, Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymlary, Daşky gurşawy goramak gullugynyň, welaýat tokaý hojalygynyň, welaýat we etrap häkimlikleriniň oba hojalyk bölümleriniň hünärmenleri, suw hojalyk işgärleri, bagbanlar, kärendeçi daýhanlar gatnaşdylar. Okuw maslahatynyň dowamynda ABŞ-nyň Halkara ösüş guramasynyň Merkezi Aziýa söwda maksatnamasynyň «Ekodurmuş» jemgyýetçilik guramasynyň hünärmeni Aýnabat Ataýewanyň, şu maksatnamanyň ýerli ilat bilen işlemek boýunça hünärmenleri Akmyrat Gardaşowyň, Akmyrat Gurdowyň,  maksatnamanyň meýletinçisi Kasym Jumaýewiň, Türkmen oba hojalyk institutynyň uly mugallymy Aýnabat Kerimowanyň oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, ýerden, suw serişdelerinden, öri meýdanlaryndan netijeli peýdalanmak, täze baglaryň düýbüni tutmak, olara ideg etmek, oba hojalyk ekinleri üçin welaýatymyzyň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän ekologik gorag zolaklaryny döretmek boýunça eden çykyşlary täsirli boldy. Çykyş edenler ekologiýa abadançylygyny gorap saklamagyň durnukly ösüşiň gözbaşy bolup durýandygyny aýratyn nygtadylar.

Soňra okuw maslahatyna gatnaşyjylar etrabyň «8-nji mart» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Ogulnabat Bozowanyň kärende ýerinde täze bag nahallarynyň düýbüni tutmak, ýaş nahallara ideg etmek boýunça hünärmenleriň we bagbanlaryň iş tejribeleri bilen tanyş boldular. Ýokary işjeňlik ýagdaýynda geçen bu amaly-usuly okuw maslahaty oňa gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.

Annageldi BEKIÝEW,
öz habarçymyz.
Beýleki habarlar