Täsinlikler äleminde

2 Noýabr 2022
1974

Dost-doganlyk seýilgähi

Özbegistanyň Daşkent şäherinde ýerleşýän «Aşgabat» seýilgähi ýurda gelýän köp jahankeşdeleriň ünsüni özüne çekýär. Türkmen we özbek halklarynyň dost-doganlygyny dabaralandyrýan bu seýilgäh Türkmenistanyň we Özbegistanyň döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda 2018-nji ýylyň aprelinde açylypdy. Seýilgähiň özboluşly täsin dizaýny biziň ýurdumyza bagyşlanansoň, gözel Türkmenistanyň keşbini janlandyrýar. Seýilgähde ýerleşdirilen sekizburçlugyň, ahalteke atlarynyň şekilleri, ajaýyp suw çüwdürimi, milli bezegli, ak reňkli täsin binalar muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Seýilgähde Türkmenistanda ösýän baglardan başga-da, Krym sosnasy, hindi lilaky, dub ýaly agaçlar hem bar. Seýilgähiň gözel tebigaty we tutuşlygyna täsin keşbi köpleri haýran galdyrýar.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlan Allaýar SEÝITLIÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.
Beýleki habarlar